Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Baýramaly etrabynyň Höwesli, Beýikköpri, Gadyrýap, Merw, Bahar, Hangala geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Maral Atamyradowna Garagulowa 1971-nji ýylyň 1-nji iýunynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Merw geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1978 — 1988-nji ýyllarda Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdepde, Murgap etrabyndaky 7-nji orta mekdepde okady.
1989 — 1994-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gaýybana okap, ony türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1989-njy ýyldan häzirki wagta çenli Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.