Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Köpetdag etrabynyň 10 ýyl Abadançylyk köçesi bilen S.Türkmenbaşy şaýolunyň kesişýän çatrygyndan başlap, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, şol ýerden Arçabil şaýolunyň ugry bilen Atatürk köçesine çenli, Atatürk köçesiniň ugry bilen Çandybil şaýoluna çenli, Çandybil şaýolunyň ugry bilen Bekrewe köçesine çenli, Bekrewe köçesiniň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, Arçabil şaýolunyň ugry bilen Garaşsyzlyk şaýoluna çenli, Garaşsyzlyk şaýolunyň ugry bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesine çenli, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli araçäkleri hem-de Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny, konsullyk edaralaryny öz içine alýar.
Guwançmyrat Bagybekowiç Agaýew 1986-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 2002-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdepde okady.
2004 — 2006-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 2007-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hatarynda işledi. 2008 — 2012-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň Belarus-Rus uniwersitetinde okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady. 2012-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň umumy bölüminiň hojalyk boýunça dolandyryjysy wezipesinde işledi. 2013 — 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň umumy bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň maýa goýumlar we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdiriş bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işledi. 2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň maýa goýumlar we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdiriş bölüminiň maýa goýumlary maliýeleşdiriş kiçi bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň maýa goýumlar we ýaşaýyş jaý jemagat hojalygyny maliýeleşdiriş bölüminiň maýa goýumlary maliýeleşdiriş bölümçesiniň baş hünärmeni wezipesinde işledi. 2018-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň emläk gatnaşyklary, telekeçiligi goldamak we hususylaşdyrmak bölüminiň başlygynyň orunbasary – emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümçesiniň başlygy wezipesinde işledi. 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň gazna bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2019-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi. 2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap salgyt bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2021-nji ýylyň fewral — aprel aýlarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi. 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinden Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.