Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň, Täzeoba, Tarpýer, Şatlyk, Göbeklidepe, Akmeýdan, Durnalyýap, Sähra geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Şirin Seýitkulyýewna Baýmyradowa 1980-nji ýylyň 15-nji maýynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1987 — 1996-njy ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 1-nji orta mekdepde, soňra 14-nji orta mekdepde okady.
1997 — 2001-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony himiýa, biologiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2001-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.