Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäheriniň, Täzedaýhan, Magtymguly adyndaky, Serdarýap, Soltanýap geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Senem Sapargeldiýewna Berdiýewa 1993-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Rehnet geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2000 — 2010-njy ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 20-nji orta mekdepde okady.
2010 — 2012-nji ýyllarda Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2012 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okap, ony binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi, rejeleýji binagär, surat we çyzuw mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2018-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.