Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky, Rehnet, Hasyl geňeşlikleriniň hem-de Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginiň Türkmenistan obasynyň we Ýalkym geňeşliginiň Bereket obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Orazgeldi Şamyradowiç Saparow 1994-nji ýylyň 6-njy martynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Soltanýap geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2001 — 2004-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 3-nji orta mekdepde, 2004 — 2008-nji ýyllarda Mary şäherindäki 14-nji orta mekdepde, 2008 — 2011-nji ýyllarda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde okady.
2011 — 2016-njy ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetinde okap, ony dokma we ýeňil senagat önümleriniň inženeri hünäri boýunça tamamlady.
2016 — 2018-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2018 — 2020-nji ýyllarda Türkmengala etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky pagta egirme fabriginiň egriji maşynlarynyň operatory, önümçilik buhgalteri, buhgalter-kassiri bolup işledi.
2020-2022-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabriginiň ykdysatçysy bolup işledi.
2022-2023-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabriginiň ammar müdiri wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň dekabr aýyndan 2025-nji ýylyň fewral aýyna çenli Mary welaýatynyň Türkmengalanyň Ýüplük üçin kagyz tegekleri öndürýän fabriginiň ykdysadçysy wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. 2025-nji ýylyň fewral aýyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.