Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň demirgazyk-gündogar böleginiň araçäginiň Murgap derýasy bilen birikýän ýerinden başlap, Gorkut ata, Saryhan, Gurt Gaýypow köçeleriniň demirgazyk-gündogar böleginiň hem-de Ýolöten etrabynyň Ahunbaba, Hakykat, Goýunjy, Momataý, Agzybirlik, Şöhrat, Baýraç geňeşlikleriniň we Akgüzer geňeşliginiň Lälezar obasynyň araçäklerini öz içine alýar.
Begenç Kerimowiç Gurbangeldiýew 1988-nji ýylyň 3-nji maýynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009-2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky «Bezeg» tikin fabriginiň kätibi bolup işledi.
2012 — 2016-njy ýyllarda Belarus Respublikasynyň Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan maý aýyna çenli Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň mugallymy wezipesinde işledi.
2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ýolöten şahamçasynyň Dolanyşyk kassa amallary bölüminiň kassiri, gözegçi kassiri wezipelerinde işledi.
2019-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ýolöten şahamçasynyň Karzlaşdyryş we pul dolanyşygy bölüminiň hünärmeni bolup işledi.
2024-nji ýylyň mart aýyndan 2025-nji ýylyň fewral aýyna çenli Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Tagtabazar şahamçasynyň dolandyryjysynyň w.w.ýe.ýe bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. 2025-nji ýylyň fewral aýyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.