Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Murgap etrabynyň Murgap şäheriniň we Deňizhan, Hyrslan Jumaýew adyndaky, Galkynyş, Suhty, Watan geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Aýjemal Täçnazarowna Allanowa 1994-nji ýylyň 28-nji iýunynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gylyçdurdy Sähetmyradow adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2001 — 2011-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 28-nji orta mekdepde okady.
2011 — 2016-njy ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony iňlis dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2016 — 2019-njy ýyllarda Murgap etrabyndaky 1-nji orta mekdepde iňlis dili we edebiýaty mugallymy, 2019 — 2022-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy wezipelerinde işledi.
2022-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.