Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Murgap etrabynyň Oguzhan, Deňizhan şäherçeleriniň we Ylham, Mülkýazy, Rowaçlyk, Gylyçdurdy Sähetmyradow adyndaky, Dostluk geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Maksat Berdimuhammedowiç Babanyýazow 1989-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mülkýazy geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Murgap etrabyndaky 27-nji orta mekdepde, Şatlyk şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009 — 2014-nji ýyllarda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynda okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
2018 — 2020-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Mary şäheriniň «Bagtyýarlyk» sport desgasynyň instruktory, Murgap etrabynyň «Murgap» sport desgasynyň baş hasapçysy wezipelerinde işledi.
2020-2026-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zähmet bölümçesiniň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zähmet bölümçesiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.