Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Tagtabazar etrabynyň Tagtabazar şäherçesiniň, Marçak, Söýünaly, Gulja geňeşlikleriniň çäklerini hem-de degişli harby bölüminiň okuw merkezini we serhet galalaryny öz içine alýar.
Arslan Hudaýberdiýewiç Haýydow 1992-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1999 — 2009-njy ýyllarda Tagtabazar etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
2009-2010-njy ýyllarda Tagtabazar etrabynyň «Daýhan» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2011-2012-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2013-2014-nji ýylda «Polimeks Inşaat» kompaniýasynyň Aşgabatdaky gurluşyklarynda işçi bolup işledi.
2014 — 2019-njy ýyllarda Türkmen oba hojalyk institutynda okap, ony agronom hünäri boýunça tamamlady.
2019 — 2021-nji ýyllarda Tagtabazar etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň agronomçylyk bölüminiň hünärmeni wezipesinde işledi.
2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tagtabazar etrap komitetiniň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-iň operatory wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.