Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň, Üzümçilik, Serhetçi, Çemenabat, Ýeňiş, Galaýmor, Ahal geňeşlikleriniň çäklerini we degişli harby bölümleri hem-de Ýolöten etrabynyň Ymambaba, Döwletli geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Allamyrat Geldimyradowiç Gurbanmyradow 1982-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Türkmengala şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1990 — 2000-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2001 — 2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2003 — 2007-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony himiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2007 — 2021-nji ýyllarda Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy bolup işledi.
2021-2022-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.
2022-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.