Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Berkararlyk etrabynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň S.Türkmenbaşy şaýoly bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, şol ýerden B.Annanow köçesiniň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şa- ýolunyň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen Galkynyş köçesine çenli, Galkynyş köçesiniň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli araçäkleri öz içine alýar.
Rejep Bazarow 1958-nji ýylyň 10-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Amyderýa geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1965-1975-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrabyndaky 42-nji orta mekdepde okady.
1975-1980-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinariýa fakultetinde okap, ony weterinar lukmany hünäri boýunça tamamlady.
1980-2000-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginiň uly, baş weterinar lukmany, şol etrabyň weterinar barlaghanasynyň weterinar-serolog lukmany, weterinar gullugynyň uly weterinar lukmany, başlygy wezipelerinde işledi.
2000-2005-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrap häkimliginiň Oba hojalyk bölüminiň müdiri, şol etrabyň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, «Obahyzmat» oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.
2005-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň ozalky Gubadag etrap birleşmesiniň başlygy, 2008-2009-njy ýyllarda ozalky Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary, 2009-2011-nji ýyllarda ozalky Gubadag etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.
2011-2012-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary wezipesinde işledi.
2012-nji ýylyň aprel-iýul aýlarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary, ministrligiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň başlygy wezipelerinde işledi.
2012-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri wezipesinde işledi.
2014-nji ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň Ykdysady seljeriş bölümçesiniň müdiri wezipesinde işledi.
2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinde işledi.
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesinde işledi.
2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy wezipesinde işledi.
2018-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy wezipesinde işledi.
2024-nji ýylyň aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2017-nji ýylyň maý aýyndan bäri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, 2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Wise Prezidenti, 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy wezipelerinde utgaşykly işläp gelýär.
2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» hormatly ady, 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, 2022-nji ýylda «Ynsanperwerliginiň sarpasy» nyşany, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, alty çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.