Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Aşgabat şäheriniň 6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugy
Ýeňiş Jumageldiýewiç Mollaberdiýew 1996-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2003-2013-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdepde okap, orta bilim aldy.
2014-2019-njy ýyllarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okap, halkara jemagat hukugy hünärine eýe boldy.
2019-2021-nji ýyllarda çagyryş boýunça harby gullugy geçdi.
2022-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy bolup işledi.
2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.
2024-nji ýylyň 13-nji iýulyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
Maşgalaly.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.