Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Köpetdag etrabynyň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň N.Andalyp köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, şol ýerden A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, şol ýerden Köpetdag etrabynyň günorta-gündogar çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Serhet institutyny we degişli serhet birikmesini öz içine alyp, Bekrewe köçesine çenli, Bekrewe köçesiniň ugry bilen Çandybil şaýoluna çenli, Çandybil şaýolunyň ugry bilen Atatürk köçesine çenli, Atatürk köçesiniň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, Arçabil şaýolunyň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesine çenli, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň umumy ýaşaýyş jaýlaryny, Atatürk köçesiniň 59, 61, 65, 69, 71-nji ýaşaýyş jaýlaryny we «Parahat-1» ýaşaýyş toplumynyň 49, 50, 51, 52, 53, 54, 55, 56, 57, 58, 59, 60, 61, 62, 63, 64, 65, 66, 67, 68, 69, 70-nji ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alyp, N.Andalyp köçesine çenli, şol ýerden N.Andalyp köçesiniň ugry bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Batyr Orazdurdyýewiç Baýlyýew 1990-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1997 — 2006-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde okady.
2006-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Aşgabat» döwlet söwda firmasynyň satyjysy bolup işledi.
2008 — 2013-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.
2013 — 2014-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2015 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň iş ýöredijisi, hukuk kömegi müdirliginiň esasy maslahatçysy, ministriň kömekçisi, kanunçylyk müdirliginiň esasy maslahatçysy wezipelerinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinden Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.