Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Bagtyýarlyk etrabynyň Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen 10 ýyl Abadançylyk köçe- siniň kesişýän çatrygyndan başlap, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 111-nji, 113-nji ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alyp, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, şol ýerden A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen A.Annaýew köçesine çenli, A.Annaýew köçesiniň ugry bilen G.Durdy köçesine çenli, G.Durdy köçesiniň ugry bilen Bilim köçesine çenli, Bilim köçesiniň ugry bilen Magtymguly şaýoluna çenli, Magtymguly şaýolunyň ugry bilen A.Kekilow köçesine çenli, A.Kekilow köçesiniň ugry bilen Görogly köçesine çenli, Görogly köçesiniň ugry bilen Bekrewe köçesine çenli, Bekrewe köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, Oguzhan köçesiniň ugry bilen Bitarap Türkmenistan şaýoluna çenli araçäkleri öz içine alýar.
Serdar Gulmuhammedowiç Durdyýew 1989-njy ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 40-njy orta mekdepde okady.
2005 — 2007-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki «Altyn asyr» söwda merkezinde satyjy bolup işledi.
2007 — 2012-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okady we ony bazary öwreniji bilermen hünäri boýunça tamamlady.
2012-2013-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2013 — 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň merkezi maddy-enjamlaýyn üpjünçilik hojalygynda ekspeditor, 2015-nji ýylyň maý — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäheriniň öňki Ruhabat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, soňra Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy, 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň umumy bölüminiň esasy hünärmeni bolup işledi.
2016 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.