Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Büzmeýin etrabynyň «Büzmeýin», «Jülge» ýaşaýyş toplumlaryny, ýöriteleşdirilen harby mekdebini, harby bölümleri, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyny öz içine alýar.
Akmämmet Halmuhammedowiç Annamanow 1994-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2001 — 2011-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdepde okady.
2011 — 2016-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony matematika mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2016 — 2022-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň matematika mugallymy, Aşgabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň müdiriniň başlangyç synplar boýunça okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary wezipelerinde işledi.
2022-nji ýyldan bäri Aşgabat şäherindäki matematika we informatika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.