Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň we Gökje, Goňur, Akgoňur, Mülkamaşa geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Jumageldi Durdymyradowiç Ataýew 1990-njy ýylyň 17-nji awgustynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täzedurmuş geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1997-2003-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 20-nji orta mekdebinde, 2003-2006-njy ýyllarda Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde okady.
2006-2007-nji ýyllarda Mary şäherindäki 5-nji hünärment mekdebinde okap, ony «Hasapçy-kompýuter maksatnamasyny düzüji» başlangyç hünäri boýunça tamamlady.
2007-2009-njy ýyllar aralygynda harby gullukda boldy.
2010-2015-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Kazan döwlet energetika uniwersitetinde okap, ony ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady.
2016-njy ýylyň iýun-sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýatynyň statistika müdirliginiň Ýolöten etrabynyň statistika bölüminiň hünärmeni wezipesinde işledi.
2016-njy ýylyň sentýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýatynyň statistika müdirliginiň oba hojalygynyň statistikasy bölüminiň I derejeli hünärmeni, 2016-2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýatynyň statistika müdirliginiň oba hojalygynyň statistikasy bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.
2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýatynyň statistika müdirliginiň maliýe statistikasy bölüminiň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.