Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Bagtyýarlyk etrabynyň Görogly köçesiniň A.Nyýazow şaýoly bilen kesişýän çatrygyndan başlap, A.Nyýazow şaýolundan demirgazyga Hoja Ahmet Ýasawy köçesine çenli we şol çatrykdan günbatar tarapdaky ýaşaýyş jaýlarynyň ugry bilen Özgeriş köçesine çenli, şol köçeden Gurbansoltan eje şaýoluny kesip, S.Kakabaýew köçesiniň ugry bilen Bilim köçesine geçip, şol ýerden Rejep Bäşimow köçesinden günbatar tarapa çykyp, A.Kekilow köçesiniň ugry bilen, Görogly köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapy bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli çäkleri öz içine alýar.
Jeren Täçmyradowna Geldiýewa 1990-njy ýylyň 3-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2005 — 2007-nji ýyllarda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde okady.
2007 — 2010-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň köpugurly hassahanasynyň diş ussasy wezipesinde işledi.
2010-njy ýylyň mart — awgust aýlarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynyň bejeriş bölüminiň parafin otagynyň şepagat uýasy wezipesinde işledi.
2010 — 2016-njy ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony maşgala lukmany hünäri boýunça tamamlady.
2016-2017-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş maslahat beriş merkeziniň merkezleşdirilen kabul ediş bölüminiň intern lukmany bolup işledi.
2017-nji ýyldan bäri Aşgabat şäher 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.