Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Bagtyýarlyk etrabynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň Köşi köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, şol ýerden günorta tarapa, Köşi köçesiniň günbatar tarapyndaky ýaşaýyş jaýlaryny içine alyp, Görogly köçesinden gündogar tarapa ugur alyp, A.Kekilow köçesinden demirgazyk tarapa çykyp, R.Bäşimow köçesinden Bilim köçesine çenli we şol ýerden S.Kakabaýew köçesiniň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli çäkleri we Ruhabat ýaşaýyş toplumyny öz içine alýar.
Azat Nurberdiýewiç Seýdibaýew 1982-nji ýylyň 5-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1989 — 1998-nji ýylarda Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
1998 — 2001-nji ýyllarda Ýaňgala obasynda üzümçilik kärende ýerinde ekerançy bolup işledi.
2001 — 2005-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony ekerançy hünäri boýunça tamamlady.
2005-2006-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 2006 — 2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynda, ýagny Ahal welaýat Bäherden etrap karantin gullugynyň hünärmeni we Ahal welaýat karantin gullugynyň I derejeli hünärmeni bolup işledi. 2008-2009-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň uly laboranty bolup işledi. 2009 — 2011-nji ýyllarda uniwersitetiň ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň mugallymy, şol bir wagtda uniwersitetiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy bolup işledi. 2011 — 2016-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy wezipesinde işledi.
2016 — 2018-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw bölüminiň hünärmeni wezipesinde işledi. 2017-nji ýylda oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini gorady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.