Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Bagtyýarlyk etrabynyň «Garadaşaýak», «Parahat», «Ýasmansalyk» ýaşaýyş toplumlaryny öz içine alýar.
Döwranguly Mämmedow 1970-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1977 — 1987-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde okady.
1988 — 1990-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 1991 — 1997-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda kärendeçi bolup işledi.
1992 — 1995-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.
1997 — 2010-njy ýyllarda Büzmeýiniň Gurluşyk materiallary kombinatynda kompressorlar serişdeleriniň sazlaýjysy bolup işledi.
2012-2013-nji ýyllarda «Dürli ýaz» hususy kärhanasynyň operatory bolup işledi.
2014 — 2016-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy bolup işledi.
2016-2017-nji ýyllarda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy bolup işledi.
2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy wezipesinde işleýär.
2023-nji yylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.