Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynyň A.Jallyýew köçesiniň günbatar tarapyny, «Herrikgala», «Gökje», «Ýalkym» we «Gurtly» ýaşaýyş toplumlaryny öz içine alýar.
Sahyberdi Jelilberdiýewiç Jepbarow 1996-njy ýylyň 6-njy aprelinde Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2004 — 2015-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň ýörite orta sazçylyk mekdep internatynda okady.
2015 — 2019-njy ýyllarda Belarus Respublikasynyň Baranowiç döwlet uniwersitetinde okap, ony hukuk öwreniş hünäri boýunça tamamlady.
2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasynyň «Kuwwat mehanika» bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň başlygynyň kätibi bolup işledi.
2021-nji ýyldan 2023-nji ýylyň apreline çenli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Derman serişdelerini hasaba alyş we olaryň hiline döwlet gözegçiligi merkeziniň saglyk hajatly önümleri we zyýansyzlandyryjy serişdeleri bellige alyş bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.