Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň we S.A.Nyýazow adyndaky, Ýaňgala geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Resul Gurbangulyýewiç Işanguliýew 1974-nji ýylyň 5-nji maýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1981 — 1991-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 3-nji orta mekdepde okady. 1991 — 1995-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony buhgalterçilik hasaby, hojalyk işleriniň gözegçiligi hünäri boýunça tamamlady.
1995 — 1998-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Hurmantgökje» daýhan birleşiginde baş ykdysatçy bolup işledi.
1998 — 2004-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby boýunça döwlet salgyt gullugynyň barlag bölüminiň döwlet salgyt inspektory bolup işledi.
2004-2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Şorgala oba şahamçasynda kassir bolup işledi.
2005 — 2010-njy ýyllar aralygynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň statistika bölüminiň ikinji derejeli hünärmeni, statistika bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 2010 — 2012-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň statistika bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi.
2012-2013-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap häkimliginiň ykdysadyýet we sarp ediş bölüminiň birinji derejeli hünärmeni bolup işledi. 2013-nji ýylyň awgust — dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň sekretary bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň IV, V, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
2013-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.