Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň hem-de Türkmenistan, Tagan Baýramdurdyýew adyndaky, Ahal, Täze eýýam, Hurmantgökje geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Kerimguly Gurbangulyýewiç Geldiýew 1980-nji ýylyň 21-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1987 — 1994-nji ýyllarda Gökdepe etrabyndaky 9-njy orta mekdepde, 1994 — 1998-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 9-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde okady.
1998 — 2004-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherindäki Dokuz Eýlül uniwersitetinde okap, menejer hünärine eýe boldy. 2004-2005-nji ýyllarda «Türkmenbaşy jins toplumy «Gap-Türkmen» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik inženeri wezipesinde işledi.
2005-2006-njy ýyllarda harby gullukda boldy.
2007-2008-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdepde hojalyk müdiri, 2008-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri, iýun — noýabr aýlarynda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynda baş ykdysatçy bolup işledi.
2010-2011-nji ýyllarda «Lotus-Enerji» kompaniýasynyň dolandyryş bölüminiň hünärmeni, 2011 — 2015-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň menejment kafedrasynyň mugallymy bolup işledi.
2015 — 2017-nji ýyllarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy bolup işledi. 2017-2018-nji ýyllarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň menejment kafedrasynyň mugallymy bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018— 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi.
2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe. wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.