Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Gökdepe etrabynyň Owadandepe, Derweze geňeşlikleriniň hem-de Ak bugdaý etrabynyň Berkarar, Bokurdak şäherçeleriniň we Bugdaýly, Öňaldy, Parahat, Täzedurmuş, Bereketli geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Begençgeldi Merdanowiç Baýrammyradow 1993-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
2000-2001-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdepde, 2001 — 2007-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 20-nji orta mekdepde, 2007 — 2010-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki 42-nji orta mekdepde okady.
2010 — 2014-nji ýyllarda Ukrainanyň Azyk tilsimatlary milli uniwersitetinde okap, ony marketolog hünäri boýunça tamamlady.
2015 — 2017-nji ýyllarda Aşgabat şäherinde hususy telekeçilik işi bilen meşgullandy.
2017-2018-nji ýyllarda «Ýagty ömür» jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynda söwda boýunça menejer wezipesinde işledi.
2021-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet dolandyryş ugry boýunça magistr taýýarlygy okuwynda okaýar.
2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary (jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda); «Durnukly söwda» hususy kärhanasynda söwda gatnaşyklary boýunça direktoryň orunbasary wezipesinde işleýär.
2022-nji ýylda ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.