Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň, Bereketli zaman şäherçesiniň, Garagum we Magtymguly adyndaky geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Annamuhammet Ataýewiç Sarjaýew 1975-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1983 — 1993-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 14-nji orta mekdepde okady.
1993 — 1997-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
1997 — 2001-nji ýyllarda «TIS» ätiýaçlandyryş paýdarlar jemgyýetiniň ýükleri we awtoulaglary ätiýaçlandyrma bölüminiň hünärmeni, şahsy emläkleri ätiýaçlandyrma bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 2001 — 2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň usulyýet we barlaglar bölüminiň döwlet inspektory, Ykdysadyýet seljeriş bölüminiň döwlet salgyt inspektory, usulyýet dolandyryşynyň salgyt ulgamyny kämilleşdiriş bölüminiň baş döwlet inspektory, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň kömekçisi wezipelerinde işledi. 2005 — 2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministriniň kömekçisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň kömekçisi, Ahal welaýat häkiminiň kömekçisi wezipelerinde işledi.
2008 — 2010-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň jemleýji býujet bölüminiň durmuş ulgamynyň çykdajylaryny maliýeleşdiriş kiçi bölüminiň baş hünärmeni, maliýe hasabatyny seljeriş we jemleýji bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi. 2010 — 2014-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary, 2014-2015-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary, 2015 — 2018-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018-nji ýylyň aprel aýyndan 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary, 2021-nji ýylyň maý aýyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.