Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň, Arapgala, Garahan, Harçiňňan, Çäçe, Mäne geňeşlikleriniň çäklerini hem-de Duşak şäherçesiniň magistral demir ýolunyň demirgazyk tarapyny öz içine alýar.
Maýa Annageldiýewna Hojyýewa 1975-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1981 — 1991-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 16-njy orta mekdepde okady.
1991 — 1995-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony taryhçy, taryh mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1995 — 1997-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 11-nji orta mekdepde taryh mugallymy bolup işledi.
1997 — 2003-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky matematika-fizika dersleri boýunça çuňlaşdyrylan mekdep-internatynda taryh mugallymy bolup işledi.
2003-2004-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky matematika-fizika dersleri boýunça ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary bolup işledi.
2004 — 2009-njy ýyllarda «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda dürli wezipelerde işledi.
2009-njy ýylyň awgust aýyndan bäri Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçynyň orunbasary wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.