Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň magistral demir ýolunyň günorta tarapyny hem-de Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň magistral demir ýolunyň demirgazyk tarapyny we Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk, Birleşik geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Gurbangözel Ataýewna Muhammedowa 1967-nji ýylyň 2-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1974 — 1984-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 11-nji orta mekdepde okady.
1984 — 1989-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony matematika mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1989 — 2021-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 20-nji orta mekdepde matematika mugallymy bolup işledi.
2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky takyk ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.