Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň magistral demir ýolunyň günorta tarapyny öz içine alýar.
Enejan Meredowna Ataýewa 1987-nji ýylyň 3-nji iýulynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1994 — 2003-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 37-nji orta mekdepde okady.
2006 — 2011-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony iňlis dili mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2011 — 2018-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 5-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy bolup işledi.
2018 — 2020-nji ýyllarda Ak bugdaý etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.
2020-2021-nji ýyllarda Ak bugdaý etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan apreline çenli Ak bugdaý etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy bolup işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.
2023-nji ýylyň 25-nji aprelinden Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.