Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Tejen etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň we Adalat, Agalaň, Bitaraplyk, Berdi Kerbabaýew adyndaky, Garryçyrla, Täzeoba geňeşlikleriniň hem-de Babadaýhan etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň çäklerini öz içine alýar.
Serdar Begmyradow 1993-nji ýylyň 19-njy martynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2000 — 2004-nji ýyllarda Tejen etrabyndaky 18-nji orta mekdepde, 2004 — 2010-njy ýyllarda Tejen etrabyndaky Garaja Burunow adyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2011 — 2013-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2013 — 2018-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony oba hojalygynda inžener mugallymlary taýýarlamak hünäri boýunça tamamlady.
2018 — 2020-nji ýyllarda Tejen etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda delilnama ýygnaýjy-hasapçy, bejeriji ussa, işgärler boýunça baş hünärmen wezipelerinde işledi.
2020 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.
2022-nji ýyldan 2023-nji ýylyň mart aýyna çenli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
2023-nji ýylyň mart aýyndan Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.