Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Tejen etrabynyň Göniamaşa, Babadaýhan, Zaman geňeşlikleriniň hem-de Babadaýhan etrabynyň Akwekil, Hasyl, Ýarygökje geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Gaýypgeldi Sähedow 1967-nji ýylyň 11-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1974 — 1984-nji ýyllarda Tejen etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
1984 — 1989-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony matematika mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1989 — 1999-njy ýyllarda Tejen etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň matematika mugallymy bolup işledi.
1999—2018-nji ýyllarda Tejen etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň matematika mugallymy wezipesinde işledi.
2018-nji ýyldan bäri Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.