Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäheriniň, Garawekil, Zähmet, Täzeýol geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Orazgeldy Akgaýew 1976-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Göniamaşa obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1983 — 1993-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 6-njy orta mekdepde okady.
1995 — 1999-njy ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony rus dili mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1998-1999-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň rus dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
2001-2009-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň rus dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
2009 — 2011-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, rus dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
2011-2016-njy ýyllardai Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň rus dili we edebiýaty mugallymy wezipesinde işledi.
2016-njy ýyldan bäri Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň müdiriň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.