Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň, Aşgabat, Ýalawaç, Hanýap, Alam, Galkynyş geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Gurbangeldi Jumamyradowiç Aşyrow 1986-njy ýylyň 28-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Kiçiaga obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 1998-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 9-njy orta mekdepde, 1998 — 2003-nji ýyllarda Tejen şäherindäki Türkmen-türk mekdebinde okady.
2003 — 2006-njy ýyllarda Aşgabat şäherindäki Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde okap, ony buhgalter hasaby we audit hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2008-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasynyň elektron tölegler boýunça hünärmeni bolup işledi. 2009 — 2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýat dolandyrmasynyň Sarahs etrap şahamçasynyň buhgalter hasaby we bank amallar geçiriş bölüminiň alyp baryjy buhgalteri, baş buhgalteriň orunbasary wezipelerinde işledi.
2011 — 2016-njy ýyllarda Türkmen döwlet maliýe institutynda okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
2016—2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabaty bölüminiň başlygy, baş buhgalteri wezipesinde işledi. 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap şahamçasynyň dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, 2022—2023-nji ýyllarda Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.