Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesiniň, Bamy, Börme, Saýwan, Garawul, Nohur, Mürçe, Sünçe, Kirpili, Durun geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Ogulmaral Gurbansähedowna Hojaýewa 1985-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1992 — 2001-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2001 — 2005-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony biologiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2005 — 2015-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy bolup işledi.
2015 — 2019-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.
2019 — 2021-nji ýyllar aralygynda Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy bolup işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan mart aýyna çenli Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri Arkadag şäher häkimliginiň Bagt köşgüniň direktory wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.