Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Arkadag şäheriniň we Gökdepe etrabynyň Şorgala, Köpetdag, Kelejar, Akgoňur, Gorjaw, Babarap geňeşlikleriniň hem-de Ak bugdaý etrabynyň Gämi geňeşliginiň çäklerini öz içine alýar
Ata Öweznepesowiç Serdarow 1964-nji ýylyň 7-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň «Ýasmansalyk» ýaşaýyş toplumynda doguldy. Milleti türkmen.
1971 — 1981-nji ýyllarda «Ýasmansalyk» ýaşaýyş toplumyndaky öňki 9-njy orta mekdepde okady.
1981 — 1987-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okady we hirurg lukmany hünärine eýe boldy.
1987 — 1988-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki «Tiz kömek» merkeziniň hirurgiýa bölüminiň intern lukmany, 1988 — 1991-nji ýyllarda Büzmeýin etrap hassahanasynda hirurg lukmany wezipesinde işledi.
1991 — 1994-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hirurgiýa kafedrasynda aspiranturada okady we lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy.
1994 — 2005-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hirurgiýa kafedrasynda assistent-mugallym bolup işledi. Şol bir wagtda, 2002 — 2005-nji ýyllarda uniwersitetiň pediatriýa fakultetiniň dekany, «Tenekär» farmasewtiki-infuzion derman serişdelerini öndürýän zawodyň direktory wezipelerinde işledi. 2005 — 2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň direktory wezipesinde işledi.
2007 — 2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işledi. 2010-njy ýylyň aprel — iýul aýlarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminde işledi.
2010 — 2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, 2012 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda, 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, 2016 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Niderlandiýa Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtyň özünde, Gaagadaky Himiýa ýaraglaryny ýaýratmaga garşy guramada Türkmenistanyň wekilçiliginiň ýolbaşçysy we 2017-nji ýylyň 3-nji martyndan Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki wekilçiliginiň ýolbaşçysy wezipelerinde işledi.
2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly, 2015-nji ýylda «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan», 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.