Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherini, Akdaş, Gyzylsuw, Gyzylgaýa, Türkmenbaşy, Guwlumaýak şäherçelerini, Goýmat, Çagyl, geňeşliklerini, Akguýy geňeşliginiň Hudaýberdi, Goşaoba, Söýli, Gürje obalaryny, «Guwly», «Garşy», «Jafra» serhet galalaryny, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň ýaşaýyş toplumlaryny, Türkmenbaşy şäheriniň öňki Kenar etrabyndaky Azatlyk, Demir ýol, Altyn Asyr, Bitarap, Döwletli, Ýaşyl Tug, Parahat köçelerindäki ähli ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýar.
Annabagt Amangulyýewna Maýewa 1970-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1977 — 1987-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdepde, soňra Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
1987 — 1992-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherindäki A.M.Gorkiý adyndaky Döwlet pedagogiki institutynda okap, ony rus dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1992 — 1994-nji ýyllarda Balkanabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň rus dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
1994 — 1998-nji ýyllarda Balkan welaýat häkimliginiň dolandyryş diwany-durmuş medeniýet edaralary bolüminiň esasy hünärmeni, dolandyryş diwanynyň medeniýet, bilim we saglygy goraýyş bölüminiň hünärmeni, işgärler we ýerli organ häkimiýetleri işi bölüminiň, soňra maliýe-hasabat organlary we aragatnaşyk bölüminiň esasy hünärmeni wezipelerinde işledi.
1998 — 2006-njy ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Önümçiligi kämilleşdiriş müdirliginiň işgärleri taýýarlamak we täzeden taýýarlamak bölüminiň inženeri wezipesinde işledi.
2006 — 2010-njy ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Durmuş maksatly desgalar müdirliginiň «Aýna» çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, soňra müdirligiň «Humaý» çagalar bakja-bagynyň müdiri bolup işledi.
2010-2011-nji ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Önümçiligi kämilleşdiriş müdirliginiň işgärleri taýýarlaýan we gaýtadan taýýarlaýan bölüminiň inženeri wezipesinde işledi.
2011 — 2016-njy ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Durmuş maksatly desgalar müdirliginiň «Humaý» çagalar bakja-bagynyň müdiri bolup işledi.
2016 — 2021-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 35-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri wezipesinde işledi.
2021-nji ýyldan bäri Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar boýunça esasy hünärmeni wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.