Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Esenguly etrabynyň çäklerini, Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň 15, 16, 27, 28, 29, 34, 37, 39-njy ýaşaýyş toplumlaryny we Laçyn, Magtymguly, Bagtyýarlyk, Nebitçi ýaşaýyş jaý toplumlaryny öz içine alýar.
Muhammetberdi Taňrygulyýewiç Geldimämmedow 1979-njy ýylyň 15-nji martynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Esenguly şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1986 — 1996-njy ýyllarda Esenguly etrabyndaky 1-nji orta mekdepde okady.
1996 — 2000-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony fizika-matematika mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2000-2001-nji ýyllarda Esenguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň fizika mugallymy wezipesinde işledi.
2001-2002-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2003 — 2005-nji ýyllarda Esenguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň fizika mugallymy wezipesinde işledi.
2005 — 2007-nji ýyllarda Esenguly etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň fizika-matematika mugallymy wezipesinde işledi.
2007 — 2019-njy ýyllarda Esenguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň fizika-informatika mugallymy, mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, müdiriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.
2019-njy ýyldan 2023-nji ýylyň aprel aýyna çenli Esenguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň fizika-informatika mugallymy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.