Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň çäklerini, Janahyr şäherçesini, Arkaç geňeşliginiň Çerkezli, Ýylgynly, Melegoç obalaryny öz içine alýar.
Wezirgeldi Gazakbaýewiç Aşyrow 1971-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Bereket şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1979 — 1989-njy ýyllarda Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdepde okady.
1989 — 1991-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 1991-1992-nji ýyllarda Bereket şäherindäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde taryhy we ülkäni öwreniş gurnagynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi.
1992 — 1994-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy lukmançylyk orta okuw mekdebinde okap, ony laborant-feldşer hünäri boýunça tamamlady.
1994 — 2000-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony medisina öňüni alyş işi hünäri boýunça tamamlady.
2000-2001-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda bir ýyllyk kämilleşdiriş okuwyny geçip, gullugyň zähmet gigiýenasy bölümçesiniň sanitar lukmany wezipesinde işledi. 2001-2002-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň çagalar we ýetginjekler gigiýenasy bölümçesiniň müdiri wezipesinde işledi. 2002 — 2005-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Bakteriologiýa barlaghanasynyň müdiri wezipesinde işledi.
2005 — 2022-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işledi.
2022-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Balkan welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň arassaçylyk-gigiýena meseleleri boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.