Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Magtymguly etrabynyň çäklerini we Gyzylarbat etrabynyň Paraw geňeşliginiň Paraw obasyny, Janahyr bekedini, Arkaç geňeşliginiň Rowaç, Garabogaz, Ýalkym, Tutly obalaryny, Azady adyndaky, Goç, Pürnuwar, Hojagala, Hasar geňeşliklerini öz içine alýar.
Şemşat Gylyçdurdyýewna Mämiýewa 1991-nji ýylyň 18-nji awgustynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1998 — 2008-nji ýyllarda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdepde okady.
2008 — 2014-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony umumy bejeriş hünäri boýunça tamamlady.
2014-2015-nji ýyllarda Balkanabat şäheriniň köpugurly hassahanasynda intern ýokanç keseller lukmany wezipesinde işledi.
2015 — 2018-nji ýyllarda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň hassahanasynda ýokanç keseller lukmany wezipesinde işledi.
2018 — 2022-nji ýyllarda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň hassahanasynda maşgala lukmany bolup işledi.
2022-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.