Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň we Etrek etrabynyň çäklerini öz içine alýar.
Baýrammyrat Amanalyýewiç Hajymämmedow 1984-nji ýylyň 26-njy maýynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
1990 — 1996-njy ýyllarda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 3-nji orta mekdepde okady.
1996 — 2001-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky öňki ylahyýet liseýinde okady.
2001 — 2005-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony dilçi we edebiýatçy mugallym hünäri boýunça tamamlady.
2005-2006-njy ýyllarda harby gullukda boldy. 2007 — 2009-njy ýyllarda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 4-nji orta mekdepde mugallym, mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, ozalky Gumdag şäher bilim bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni wezipelerinde işledi.
2009 — 2011-nji ýyllarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň esasy inženeri, işgärler bölüminiň esasy inženeri, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy wezipelerinde işledi.
2011 — 2016-njy ýyllarda hususy telekeçilik işi bilen meşgullandy, 2016-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň alyp baryjy hünärmeni, iş ýöredijisi wezipelerinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
Maşgalaly, ýedi çagasy bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.