Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Daşoguz şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň Şagadam köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Gurbansoltan eje köçesiniň ugry bilen Şabat kanalyny we A.Nyýazow köçesini göni kesip geçip, şäheriň demirgazyk araçägine çenli, şol ýerden şäheriň demirgazyk-günbatar araçäginiň ugry bilen Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluna çenli, şol ýerden Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugry bilen Bitaraplyk köçesine çenli, Bitaraplyk köçesiniň ugry bilen Şagadam köçesine çenli, Şagadam köçesiniň ugry bilen Gurbansoltan eje köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Jeren Aşyrgeldiýewna Gylyçmyradowa 1977-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1984 — 1994-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 13-nji orta mekdepde okady.
1994 — 2002-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony çaga lukmany hünäri boýunça tamamlady.
2002-2003-nji ýyllarda Daşoguz welaýat inçekesel hassahanasynyň intern lukmany, 2003 — 2005-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keselleri anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň lukmany, 2005-2006-njy ýyllarda Daşoguz welaýat inçekesel hassahanasynyň kabul ediş we maslahat beriş bölüminiň çaga inçekesel lukmany, 2006 — 2013-nji ýyllarda Daşoguz welaýat inçekesel hassahanasynyň çagalar bölüminiň bejeriş lukmany bolup işledi.
2013-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Daşoguz welaýat inçekesel hassahanasynyň çagalar bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.