Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Daşoguz şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň Şabat kanalynyň demirgazyk tarapynyň kesişýän ýerinden başlap, Gurbansoltan eje köçesiniň ugry bilen A.Nyýazow köçesini göni kesip geçip, şäheriň demirgazyk araçägine çenli, şol ýerden şäheriň demirgazyk araçäginiň ugry bilen gündogar tarapa Şabat kanalyna çenli, şol ýerden Şabat kanalynyň ugry bilen demirgazyk tarapa N.Andalyp köçesini kesip geçip, Gurbansoltan eje köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Serdar Arazdurdyýewiç Arazow 1978-nji ýylyň 29-njy iýunynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1985 — 1995-nji ýyllarda Daşoguz şäherindäki 1-nji orta mekdepde okady.
1995 — 1999-njy ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okap, ony halkara ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
1999 — 2001-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2001 — 2005-nji ýyllarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň kassa hyzmatlary we kassa amallaryna gözegçilik bölüminiň I derejeli hünärmeni, pul dolanyşygyny kadalaşdyryş bölüminiň II derejeli, I derejeli hünärmeni wezipelerinde işledi. 2005 — 2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň bank gözegçilik bölüminde I derejeli hünärmen, esasy hünärmen, baş hünärmen, 2011 — 2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabatlar bölüminiň baş buhgalteriniň orunbasary, bölümiň başlygy — baş buhgalteri, 2014 — 2016-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Inkassasiýa müdirliginiň Daşoguz welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, bölümiň başlygy wezipelerinde işledi. 2016 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň başlygy wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2018 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi. 2021-2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi. 2022-nji ýylyň iýul aýyndan 2023-nji ýylyň aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.