Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Akdepe etrabynyň Akdepe şäheriniň, Nowruz, Akdepe, Gorkut, Sähra geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Ýakup Otuzbaýewiç Atabaýew 1993-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Abadanlyk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2000 — 2010-njy ýyllarda Boldumsaz etrabyndaky 62-nji orta mekdepde okady.
2011 — 2015-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg döwlet agrar uniwersitetinde okap, ony hukuk işi hünäri boýunça tamamlady.
2015 — 2017-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2018 — 2021-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy wezipesinde işledi.
2021-nji ýyldan 2024-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy wezipesinde, 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2025-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde, 2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan fewral aýyna çenli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2025-nji ýylyň fewral aýyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.