Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Akdepe etrabynyň Sazakly, Täzeoba, Ak bugdaý, Atçapan, Döwletmämmet Azady adyndaky, Mollanepes adyndaky geňeşlikleriniň we Gyzyltakyr geňeşliginiň Burunjyk, Gyzyltakyr obalarynyň hem-de Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadanlyk, Almalyk geňeş- likleriniň çäklerini öz içine alýar.
Magsat Nurgylyjowiç Otuzow 1993-nji ýylyň 8-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň Boldumaz etrabynyň Gök ýaýla geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
2000 — 2010-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 2-nji orta mekdepde, Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde okady.
2010 — 2015-nji ýyllarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okap, ony bagşy hünäri boýunça tamamlady.
2015 — 2017-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2017-2018-nji ýyllarda Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy bolup işledi.
2018 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň hünärmeni, esasy hünärmeni, soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni wezipelerinde işledi.
2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.