Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Boldumsaz etrabynyň Garaşsyzlyk, Guýanagyz, Guwanç Atamedow adyndaky, Rowaçlyk, Çowdur, Ýaşlyk, Gökýaýla, Bitarap Türkmenistan geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Atamyrat Otuzbaýewiç Kanjanow
Atamyrat Otuzbaýewiç Kanjanow 1990-njy ýylyň 27-nji awgustynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1997 — 2006-njy ýyllarda Boldumsaz etrabyndaky 19-njy orta mekdepde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow adyndaky daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2008 — 2012-nji ýyllarda Ukraina döwletiniň Harkow politehniki institutynda okap, ony tehniki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň dolandyryjysy hünäri boýunça tamamlady.
2012— 2013-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2014 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy wezipesinde işledi.
2021—2024-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap häkimliginiň Işgärler we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralar bilen işlemek boýunça bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki aýlyk okuwynyň diňleýjisi boldy.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.