Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäheriniň, Medeniýet geňeşliginiň çäklerini öz içine alýar.
Aşyr Hudaýnazarowiç Toýlyýew 1975-nji ýylyň 20-nji martynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1982 — 1992-nji ýyllarda Boldumsaz etrabyndaky 29-njy orta mekdepde okady.
1994 — 1998-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony inžener-meliorator hünäri boýunça tamamlady.
1998 — 2008-nji ýyllarda Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş geňeşliginde kärendeçi bolup işledi.
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwynyň diňleýjisi boldy.
2008-nji ýyldan bäri Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni bolup işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.