Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Görogly etrabynyň Görogly şäheriniň, Türkmenýoly, Ýagtylyk, Bereket geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Merdan Baýramdurdyýewiç Tuwakow 1971-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1979 — 1989-njy ýyllarda Görogly etrabyndaky 37-nji orta mekdepde okady.
1989-1990-njy ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň taýýarlaýyş bölüminde okady.
1990 — 1992-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
1992 — 1996-njy ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okap, ony rus dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1996 — 2004-nji ýyllarda Görogly etrabyndaky 37-nji orta mekdepde rus dili we edebiýaty mugallymy, 2004 — 2014-nji ýyllarda Görogly etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň müdiri bolup işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň IV, V, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2014 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy, 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi.
2018-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi. 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.