Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky, Yzmykşir, Hüdük Myradow adyndaky, Bedirkent, Annagylyç Ataýew adyndaky, Türkmenistan, Zaman, Garagum geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Atageldi Amangeldiýewiç Musaýew 1983-nji ýylyň 4-nji martynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1990 — 1992-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdepde, 1992-1993-nji ýyllarda 13-nji orta mekdepde, 1993 — 1999-njy ýyllarda 22-nji orta mekdepde okady.
1999 — 2001-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde okap, ony başlangyç synp mugallymy, türkmen dili mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2001-2002-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 8-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
2002 — 2004-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2004-nji ýylyň maý — sentýabr aýlarynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 8-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
2004 — 2009-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony taryhçy, taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2009 — 2011-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 1-nji orta mekdebiň taryh mugallymy bolup işledi. 2011—2021-nji ýyllarda Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynda mugallym, kafedra müdiri wezipelerinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy, Agranomçylyk fakultetiniň dekany wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
2007-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi boldy. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.