Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň, Gökçäge şäherçesiniň, Abadanlyk, Akýaýla, Babadaýhan geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Gurbangylyç Arazowiç Durdyýew 1966-njy ýylyň 7-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwletli geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1973 — 1983-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 56-njy orta mekdepde okady.
1982—1985-nji ýyllarda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
1985 — 1990-njy ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň gaýybana bölüminde okap, ony buhgalter hasabaty we hojalyk işleriniň analizi hünäri boýunça tamamlady.
1985 — 2001-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginde hasapçy bolup işledi.
2001 — 2005-nji ýyllarda Daşoguz welaýat häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işledi.
2005-2006-njy ýyllarda Daşoguz welaýat häkimliginiň oba hojalyk toplumy bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2006 — 2014-nji ýyllarda Daşoguz welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.
2014-2015-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň uruş weteranlary guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2015 — 2021-nji ýyllarda Daşoguz welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işledi.
2021-nji ýyldan bäri Daşoguz welaýat häkimliginiň işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işleýär.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň IV, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.