Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky şäherçesiniň, Agöýli, Pagtaçylyk geňeşlikleriniň, Altyn toprak geňeşliginiň Dörmen obasynyň, Sazanda, Täze zaman geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Mähriban Satybaldyýewna Kurambaýewa 1977-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1984 — 1995-nji ýyllarda Akdepe etrabyndaky 12-nji orta mekdepde okady.
1995 — 1999-njy ýyllarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okap, ony pars dili mugallymy, filolog hünäri boýunça tamamlady.
1999 — 2003-nji ýyllarda Akdepe etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
2003 — 2010-njy ýyllarda Akdepe etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi.
2010-2011-nji ýyllarda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri wezipesinde işledi.
2011 – 2022-nji ýyllar aralygynda Gurbansoltan eje adyndaky etrap bilim bölüminiň hünärmeni wezipesinde işledi.
2022-nji ýyldan bäri Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap bilim bölüminiň hünärmeni wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.