Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Akdepe etrabynyň Şabat geňeşliginiň Gülüstan, Magtym obalarynyň, Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň, Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçesiniň Omarly, Meňiş, Orman, Bagty obalarynyň, Ak altyn geňeşliginiň çäklerini öz içine alýar.
Şatlyk Meretdurdyýewiç Gurbandurdyýew 1981-nji ýylyň 16-njy martynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1987 — 1996-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň ozalky Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndaky 11-nji orta mekdepde okady.
1997 — 1999-njy ýyllarda şol etrabyň «Ak altyn» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
1999 — 2003-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony gidrotehnik hünäri boýunça tamamlady.
2003-2004-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2004 — 2007-nji ýyllarda «Gurbansoltanejesuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynda gözegçi, 2007 — 2011-nji ýyllarda ozalky Gurbansoltan eje adyndaky «Suwhojalyk» önümçilik müdirliginiň Suw ulanyş bölüminiň inženeri, baş hünärmeni, 2011 — 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ozalky Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň sekretary bolup işledi.
2013 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ozalky Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.