Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Köneürgenç etrabynyň Galkynyş, Maslahat, Akýol, Täzeýap, Derýalyk, Watan, Kyrkgyz geňeşlikleriniň hem-de Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş, Aşgabat geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Maýsa Ýegenmyradowna Jumaýewa
Maýsa Ýegenmyradowna Jumaýewa 1986-njy ýylyň 5-nji aprelinde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşliginiň Görelde obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 2002-nji ýyllarda Görogly etrabyndaky 29-njy orta mekdepde okady.
2002 — 2009-njy ýyllarda Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup zähmet çekdi.
2009 — 2014-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tamamlady.
2014-2015-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi bolup işledi.
2015 — 2017-nji ýyllarda Köneürgenç etrabynyň prokurorynyň kömekçisi wezipesinde işledi.
2017 — 2020-nji ýyllarda Köneürgenç etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi wezipesinde işledi.
2021-2022-nji ýyllarda Köneürgenç etrap häkimliginiň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.
2022-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy müdirliginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.